Çaganyň dogluşyny döwlet belligine almagyň tertibi
Möhletleri:
Çaganyň dogluşyny döwlet tarapyndan bellige almak üçin çaganyň doglan gününden bir aýdan gijä galman arza berilýar.
Çaga öli doglan halatynda çaganyň doglan gününden üç iş günden gijä galman arza berilýär.
On alty ýaşyna ýeten çaganyň dogluşyny döwlet tarapyndan bellige almak kazyýetiň çözgüdi esasynda geçirilýär.
Çaganyň dogluşynyň döwlet belligine alynýan ýeri
Dogluş çaganyň hakykatda doglan ýerindäki ýa-da onuň ata-enesiniň (olaryň biriniň) ýaşaýan ýerindäki RÝNÝ edarasy tarapyndan ýüz tutulan güni döwlet belligine alynýar. RÝNÝ edaralaryna şular degişlidir:
welaýat hukukly şäherleriň, etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň, şäherdäki etraplaryň häkimlikleriniň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň bölümleri - RÝNÝ bölümleri;
еtrapdaky şäherleriň, şäherçeleriň we geňeşlikleriň Geňeşleri;
raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet tarapyndan bellige almaga ygtyýarly edilen Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary.
Dogluşy döwlet belligine almak üçin gerek bolan resminamalar
I. Dogluşy döwlet belligine almak üçin şular esas bolup durýar:
1) çaganyň dogluşy hakynda dogluşyň bolup geçen saglygy goraýyş edarasy tarapyndan berlen, bellenilen görnüşdäki resminama;
2) çaga saglygy goraýyş edarasyndan daşarda doglanda lukmançylyk kömegini beren işgäriň işleýän ýa-da çaganyň ejesiniň çaga doglandan soň ýüz tutan saglygy goraýyş edarasy tarapyndan berlen, çaganyň doglandygy hakynda resminama;
3) çaga saglygy goraýyş edarasyndan daşarda doglanda (lukmançylyk kömegi berilmezden) çaganyň doglan wagty ýanynda bolan adamyň arzasy;
4) çaganyň saglygy goraýyş edarasynda doglanda goýlup gidilendigi hakynda saglygy goraýyş edarasy tarapyndan berlen, bellenilen görnüşdäki ykrarnama hem-de çaganyň dogluşy hakynda dogluşyň bolup geçen saglygy goraýyş edarasy tarapyndan berlen, bellenilen görnüşdäki resminama;
5) çaganyň saglygy goraýyş edarasyndan daşarda doglanda taşlanyp gidilen halatynda çaganyň taşlanyp gidilendigi hakynda saglygy goraýyş edarasy tarapyndan berlen bellenilen görnüşdäki ykrarnama hem-de tapylan (taşlanylan) çaganyň ýaşyny we jynsyny tassyklaýan, saglygy goraýyş edarasy tarapyndan berlen resminama;
6) çaganyň tapylandygy (taşlanylandygy) hakynda degişli içeri işler edarasy ýa-da hossarlyk we howandarlyk edarasy tarapyndan berlen, çaganyň tapylan wagty, ýeri we çaganyň haýsy ýagdaýlarda tapylandygy görkezilen resminama hem-de tapylan (taşlanylan) çaganyň ýaşyny we jynsyny tassyklaýan, saglygy goraýyş edarasy tarapyndan berlen resminama;
7) çaga saglygy goraýyş edarasynda doglanda onuň ejesiniň pasporty (ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasy) bolmadyk ýagdaýynda, çaganyň ejesi barada maglumatlaryň onuň sözünden ýazylandygy barada saglygy goraýyş edarasy tarapyndan berlen, bellenilen görnüşdäki ykrarnama hem-de şu çaganyň dogluşy hakynda dogluşyň bolup geçen saglygy goraýyş edarasy tarapyndan berlen, çaganyň ejesiniň suraty ýelmenen bellenilen görnüşdäki resminama;
8) ulag serişdesiniň ýolbaşçysy tarapyndan iki sany şaýadyň ýa-da ol ýerde lukman ýa-da feldşer bar bolsa, olaryň gatnaşmaklarynda düzülen, çaganyň dogluşy hakynda ykrarnama;
9) ekspedisiýanyň ýolbaşçysy tarapyndan düzülen ykrarnama;
10) ata-enesi (ýanýoldaşsyz ene (ata) Türkmenistanyň raýaty bolup durýan bolsa (ýa-da kämillik ýaşyna ýeteniň özi Türkmenistanyň raýaty bolan halatynda), Türkmenistanyň çäginden daşarda doglan çaganyň doglan daşary ýurt döwletiniň raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almaga ygtyýarly edilen edaralary tarapyndan berlen dogluş hakynda şahadatnamasy (umumy tertipde döwlet belligine alynýar);
11) çaganyň doglandygyny tassyklaýan beýleki subutnamalar (resminamalar) dogluşy döwlet belligine almak üçin esas bolup biler.
II. Çaganyň ata-enesiniň nikasy döwlet tarapyndan bellige alnan bolsa nika baglaşylandygy hakynda şahadatnama.
Çaganyň dogluşyny döwlet tarapyndan bellige almak üçin göz öňünde tutulan esaslar bolmadyk mahalynda çaganyň dogluşyny döwlet tarapyndan bellige almak çaganyň dogluşynyň faktyny takyklamak hakynda kazyýetiň çözgüdiniň esasynda geçirilýär.
III. Ata-enesiniň pasporty (ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasy)
IV. Çaganyň ata-enesiniň nikasy döwlet tarapyndan bellige alnan bolsa nikanyň baglaşylandygy hakynda şahadatnama.
Ýüz tutan adamlaryň islegine görä çaganyň dogluşy dabaraly ýagdaýda geçirilýär.
Çaganyň dogluşyny döwlet belligine almak üçin ýüz tutup bilerler:
Dogluşy döwlet belligine almak hakynda arza çaganyň ata-enesi (olaryň biri) tarapyndan berilýär. Çaganyň ata-enesiniň (olaryň biriniň) çaganyň doglandygy barada arzany bermäge mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda, arza çaganyň garyndaşlary (çaganyň ata-enesiniň biriniň garyndaşy) ýa-da çaganyň ata-enesi (olaryň biri) tarapyndan ygtyýarly edilen şahs, goňşulary, çaganyň doglan ýa-da ata-enesiniň ýaşaýan ýeri boýunça saglygy goraýyş edarasynyň administrasiýasy ýa-da hossarlyk we howandarlyk edaralary ýa-da beýleki adamlar tarapyndan berlip bilner.